Bangladeşiň Bobarthol obasynda adamlar äpet piton ýylany taýaklap öldürdiler, sebäbi ol birnäçe günde alty geçini ýuwutdy diýip, «Bangla News 24» ýazýar. Süýrenijiniň boýy 6 metrden geçýär.
Ilkibada ýerli ýaşaýjylar öý mallarynyň ýok bolmagyna ogurlyk sebäp bolandyr öýtdüler, emma olar bir gezek äpet ýylanyň geçä hüjüm edip, ony ýuwutmaga synanyşýandygyny gördüler. Daýhanlar ylgaşyp gelip, ony taýaklap öldürdiler.
Waka ýabany tebigaty goramak boýunça sebit edarasynyň ünsüni çekdi, onuň wekili Jahangir Alam pitonyň öý mallaryna hüjümini tokaýda iýmit ýetmezligi bilen düşündirdi. Ýerli hökümetiň wekili Abdula Mannanyň sözlerine görä, ýaşaýjylar ýyrtyjyny gorky hem göwnügeçginlik sebäpli ýok edipdirler, olar özlerini we mallaryny gorapdyrlar.
Bu hakynda «rbc.ru» habar berdi.
