20 ýyldan gowrak wagt bäri “Täze Aý” kompaniýasy Türkmenistanyň azyk senagatynda aýratyn orun eýeläp gelýär. Şu ýyllaryň dowamynda ol diňe bir önüm öndüriji bolmak bilen çäklenmän, eýsem saglyga, tagama we milli däplere bolan aladany özünde jemleýän brend hökmünde müşderileriň ynamynyň hakyky nyşanyna öwrüldi.
Täze Aý kompaniýasy döredilen ilkinji günlerinden başlap önümleriň ýokary hiline we howpsuzlygyna aýratyn ähmiýet berip gelýär. Önümçilikde ISO 22000:2018, ISO 9001:2015 halkara standartlary hem-de Halal ülňüleriniň talaplary ornaşdyryldy. Bu talaplaryň ýerine ýetirilýändigi Türkmenistanda wekili bolan Şweýsariýanyň SGS kompaniýasy tarapyndan tassyklanyldy. Ýokary hil, howpsuzlyk we halal talaplaryň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen, “Täze Aý” kompaniýasy halkara standartlar babatynda çuňňur bilimlere we amaly tejribä eýe bolan SGS-iň türkmen hünärmenlerini işe çekýär.
Çig maldan gaplama çenli her tapgyrda berk gözegçilik yzygiderli netijäni gazanmaga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin sarp edijiler “Täze Aý” kompaniýasynyň ähli önümleriniň hoşboý tagamy, howpsuzlygy we tebigylygy bilen tapawutlanýandygyna ynanýarlar.
Kompaniýanyň üstünliginiň syry diňe bir tehnologiýada hem däl. Iň möhüm düzümi — Türkmenistandaky sarp ediji medeniýetini çuňňur düşünmekdir. Tagam endiklerine, milli aýratynlyklaryna we möwsümleýin isleglere üns bermek kompaniýanyň önümlerini her bir alyjy üçin aýratyn ýakynlaşdyrýar. Goý ol adaty şöhlat, öý saryýagy ýa-da çagalykdan söýülýän süýji kemputlar bolsun, “Täze Aý” sarp ediji bilen elmydama şol bir dilde gürlemäge çalyşýar.
Kompaniýa täzeçillikleri işjeň ornaşdyrmak bilen, önümleriniň görnüşlerini barha giňeldýär, emma şol bir wagtda däp-dessurlara hormat goýmagyny saklaýar. Bu — täze önüm bilen wagtyň synagyndan geçen altyn deňagramlylyk bolup durýar, bazarda bolsa muňa aýratyn ýokary baha berilýär.
Bu gün “Täze Aý” diňe bir önümçilik hem däl. Bu — işewürligiň özüniň alyjylaryna, ýurduna we filosofiýasyna wepaly bolmagynda galyp, ösüş ýolundan barýan kompaniýanyň hakyky taryhydyr.