Balkan welaýatynyň daýhanlary 2025-nji ýylda ýazlyk ýeralmanyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň degişli etraplarynda esasy azyklyk önümleriň biri hasaplanýan ýeralmanyň bitginli hasylyny ýygnamak işleri doly tamamlandy.
Şeýlelikde, welaýat boýunça 1 müň 600 gektara ekilen ýazlyk ýeralmadan 22 müň 411 tonna hasyl alnyp, degişli meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi.
Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek we Esenguly etraplarynyň daýhanlary göreldeli zähmet çekdiler. Şu günler oba hojalykçylar hasyldan boşan ýerlerde sürüm işlerini geçirip, güýzlük ýeralmanyň ekişine taýýarlyk görýärler.
