Şu ýylyň maý aýynyň ortasyndan iýulyň ortasyna çenli Ispaniýada görülmedik yssy howa sebäpli 1180 adam gurban boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwründe 114 ispaniýaly pida boldy diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministrligine salgylanýan «Bloomberg» habar berdi.
Soňky iki aýda Ispaniýanyň häkimiýetleri 76 gezek ilata güýçli yssy howanyň howpy barada duýdurdylar.
«Aemet» howa agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, üstümizdäki ýylyň iýuny synlamalaryň tutuş taryhynda iň yssy aý boldy, ortaça temperatura 23,6 °C ýetdi we bu 1991-2020-nji ýyllardaky taryhy görkezijiden 3,5 gradus ýokarydyr. Agentlik bu tomusda gurban bolanlaryň 95 göteriminiň 65 ýaşdan ýokary raýatlardygyny habar berdi. Şunda adatça aram tomus howasy bolýan demirgazyk sebitlerde has köp adam pidalary hasaba alyndy.