Türkmen türgenleri III Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Oýunlaryna gatnaşarlar. Ýaryş bu ýyl gurama agza 8 ýurtdan 1 müň 846 türgeni bir ýere jemlär diýip, «Report» ýazýar.
Habarda bellenilişine görä, turnire Azerbaýjandan 349, Russiýadan 263, Gazagystandan 259, Özbegistandan 257, Belarus Respublikasyndan 255, Täjigistandan 202, Türkmenistandan 170 we Gyrgyzystandan 85 wekil gatnaşar.
Ilkinji tapgyrda diňe GDA ýurtlarynyň wekiliýetleriniň hasaba alynýandygyny bellemek gerek. Ikinji tapgyrda bolsa, ýörite çakylyk esasynda gatnaşjak GDA agzasy bolmadyk ýurtlaryň wekiliýetleri hasaba alynýar. Umuman, oýunlara dünýäniň 23 ýurdunyň, takmynan, 5500 wekiliniň gatnaşmagyna garaşylýar diýlip, habarda bellenilýär.
Şu ýylyň 28-nji sentýabry — 8-nji oktýabry aralygynda Azerbaýjanyň ýedi şäherinde bolup geçjek turnirde türgenler sportuň 23 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşerler.