Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Indoneziýada piton daýhany ýuwutdy

18:2911.07.2025
0
24751
Indoneziýada piton daýhany ýuwutdy
Surat: TSN

Indoneziýada äpet zähersiz tropik piton ýylany erkek kişini ýuwutdy, süýrenijiniň wideoşekili «SHOT» telegram-ýaýlymynda çap edildi diýip, «rg.ru» ýazýar.

Habarda ýurduň Butung adasynyň 63 ýaşly ýaşaýjysynyň meýdana işlemäge gidip, ýitendigi aýdylýar. Iki günden soňra ýerli ýaşaýjylar onuň fermasynyň golaýynda şübheli «çişik» ýylany görüpdirler. Erkek kişiler onuň garnyny ýaranlarynda, ol ýerden öň ýiten goňşularynyň jesedini tapypdyrlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň