«Täze aý» kompaniýalar topary Türkmenistanyň azyk bazarynda öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Kompaniýa şöhlat, konditer we süýt önümleriniň önümçiligine ýöriteleşip, sarp edijilere harytlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Kärhananyň esasy öndürijilik görkezijileri:
- 5 sany häzirki zaman önümçilik desgasy
- 1700-den gowrak ýokary hünär derejeli işgärler
- Önümleriň halkara hil we howpsuzlyk standartlaryna laýyklygy
- «Halal» standartyna laýyklyk şahadatnamasy
- Önümleriň 200 görnüşi
Kompaniýanyň önümleri Owganystana, Russiýa, Hytaýa, Gyrgyzystana, Täjigistana, Özbegistana, şeýle hem Ýemene üstünlikli eksport edilýär. Kompaniýa halkara sergilere işjeň gatnaşyp, önümlerini hödürleýär we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýýar.
«Kärhanamyz önümleriň görnüşini giňeltmek we önümleriň hilini ýokarlandyrmak üçin yzygiderli işleýär, bu bolsa bize içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply bolmaga mümkinçilik döredýär» – diýip, kompaniýanyň ýolbaşçylary belleýärler.
Bu ýyl «Täze aý» kompaniýasy üstünlikli işiniň 21 ýyllygyny belleýär.