Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksatly Türkmen»: ýaşaýyş jaýlary we kärhanalar üçin awtomatik markizlar

10:4813.06.2025
0
22793

Tomus paslynyň gelip, Günüň has gyzýan döwründe öý eýeleriniň we telekeçileriň köpüsi öz howlularyny, eýwanlaryny we tomusky kafelerini goramak hakda alada edýärler. Günden ygtybarly goranmak barada heniz çözgüt tapyp ýetişmedik bolsaňyz, «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti netijeli çözgüt – süýşýän telär-markizlary hödürleýär.

«Maksatly Türkmen» kompaniýasy süýşýän bassyrma markizlary satmak we gurnamak bilen meşgullanýar, bu gurluşlar ulanyşda amatlylygy we estetiki keşbi netijesinde barha meşhurlyk gazanýarlar. Günden goraýan bu ulgamlar tomusky kafeleriň, öýleriň eýwany hem-de göni düşýän Gün şöhlesinden, ýelden we ýagyşdan, şeýle hem del garaýyşlardan goramak zerur bolan islendik açyk giňişlikler üçin örän amatlydyr.

«Maksatly Türkmen» tarapyndan hödürlenýän döwrebap markizlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri hem awtomatik dolandyryşly elektrik hereketlendirijileri bilen üpjün etmek mümkinçiligidir. Markizyň saýa matasynyň uly meýdana eýedigini göz öňünde tutsak, bu aýratynlyk örän möhümdir. Ýeliň güýçli öwüsýän şertlerinde gurluşyň material we mehaniki böleklerine zeper ýetmek howpy bar. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin awtomatlaşdyrylan çözgüt göz öňünde tutulýar: markizyň gapdalynda ýeliň tizligini ölçeýän datçik gurnalýar. Güýçli ýeliň öwüsýändigi hasaba alnanda datçik saýawany ýapmak buýrugyny berýär we şeýlelik bilen, gurluşyň howpsuzlygyny üpjün edýär.

«Maksatly Türkmen» dürli gurluşly, dürlüçe bezelen we dürli ululykdaky süýşýän elektrikli mata markizlaryň görnüşlerini hödürleýär. Bu bolsa her bir müşderä desganyň binagärligi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek we ähli aýratyn zerurlyklary kanagatlandyrjak iň amatly nusgany saýlamaga mümkinçilik döredýär.

Habarlaşmak üçin:

  • salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew köç., 28-nji jaý;
  • telefonlar: 75 41 11, 19 41 11, 59 53 33, 14 53 33;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň