Turkmenportal logo
12.06.25
1911219112
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine kitaplary sowgat etdi
Ýaponiýanyň ilçihanasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine kitaplary sowgat etdi

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutyna we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze kitaplary sowgat etdi. Bu barada ilçihananyň metbugat gullugy habar berdi.


Hususan-da, diplomatiýa, syýasat, ykdysadyýet we medeniýet ýaly mowzuklar boýunça kitaplaryň 35-si Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna sowgat berildi. Olaryň köpüsi ýapon we günbatar alymlary tarapyndan ýazylandyr.



Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna ykdysadyýet, dolandyryş we marketing, şeýle hem ýapon dilini öwrenmek boýunça 17 kitap hödürlendi.


Kitaplar «READ JAPAN PROJECT» taslamasynyň bir bölegi hökmünde berildi. Sowgatlary Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hiroşi gowşurdy.