Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Techno Boss» dükany köp sanly ykjam telefonlary, elektronika enjamlaryny we aksessuarlary hödürleýär. Bu ýöriteleşdirilen dükan şäher ilatynyň ýokary hilli enjamlary hem-de degişli önümleri gözleýän esasy merkezi ýerine öwrülmegi maksat edinýär.
«Techno Boss» dükanynda jübi telefonlarynyň we esbaplarynyň giň haryt görnüşleri alyjylara ýetirilýär. Ýokary hilli ses muşdaklary bu ýerden «Mi», «JBL», «Bang & Olufsen», «Marshall», «Samsung», «Sony» we başga-da dürli görnüşli meşhur brendleriň portatiw kolonkalary we audio ulgamlaryny tapyp bilerler.
Dükan giň we yzygiderli täzelenýän assortimenti bilen her bir myhmana iş, dynç alyş ýa-da döredijilik üçin şahsy isleglerine laýyk gelýän enjamlary aňsatlyk bilen saýlamaga mümkinçilik berýär.
«Techno Boss» elektronikadan başga-da, «Louis Vuitton» (LV), «Creed», «Penhaligon» hem-de «Clive Christian» ýaly lýuks haryt nyşanly önümleri öz içine alýan öňdebaryjy brend we ýerli atyr öýlerinden özboluşly atyrlary hödürleýär.
«Techno Boss» dükany Aşgabatda şu salgyda ýerleşýär: «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» söwda merkezi (Optowka), 1-nji gat, dükany № 181.
Telefon belgisi: +993 65 50 55 25. Sosial media ulgamyndaky sahypasy. TikTok sahypasy.