Turkmenportal logo
20.05.25
2370523705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kuala-Lumpuryň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň baýdagy ýerleşdirildi
Kuala-Lumpuryň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň baýdagy ýerleşdirildi

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpuryň merkezi meýdançasy bolan Garaşsyzlyk meýdançasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekili we 2025-nji ýylyň nyşany ýerleşdirildi. Türkmenistanyň milli nyşanlarynyň ýerleşdirilmegi ýurduň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraldy.


Bu çäre Türkmenistanyň döwlet nyşanlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň we iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.