Turkmenportal logo
08.05.25
2224022240
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tälimçiler üçin okuw-maslahatyny geçirýär
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tälimçiler üçin okuw-maslahatyny geçirýär

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy (TFF) «D» derejeli tälimçilik ygtyýarnamasyny almak üçin okuw-maslahatyna ýazylyşygy açdy – diýip, TFF-nyň metbugat gullugy habar berýär.


Okuw-maslahata ýazylmak üçin resminamalaryň toplumy PDF görnüşinde federasiýanyň elektron salgysyna 20-nji maýa çenli tabşyrylmalydyr. Okuw 24-25-nji maýda Aşgabatda geçiriler.


Arzalara garalandan soň, TFF-niň tälimçiler bilimi bölümi tarapyndan dalaşgärler bilen söhbetdeşlik geçiriler.