Turkmenportal logo
08.05.25
1936519365
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň biržasynda daşary ýurtly we ýerli telekeçiler birnäçe geleşik baglaşdylar
Türkmenistanyň biržasynda daşary ýurtly we ýerli telekeçiler birnäçe geleşik baglaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 7-nji maýda geçirilen söwdalaşyklarda daşarky we içerki bazarlarda möhüm şertnamalar baglaşyldy – diýip, TDHÇMB habar berýär.


Owganystandan gelen telekeçiler «Türkmengaz» döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden hlorly natriý satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.


Içerki bazarda türkmen telekeçileri ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligi bilen dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli we nah ýüplügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.


Biržada geçirilen söwdalaşyklaryň barşynda jemi 16 669 250,00 manada we 327 680,00 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan 7 geleşik baglaşyldy.