Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Pariž şäherindäki Elize köşgünde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Fransiýanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürmek, ykdysadyýet, bilim, medeniýet we arheologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Saparyň çäklerinde birnäçe resminamalara gol çekildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň arasynda 2024 — 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasy, Bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Arkadag şäheri bilen Maisons-Laffitte şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary hakynda dostluk Ylalaşygy, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky bilen Fransiýanyň Arap-Fransuz Banklar Bileleşiginiň (U.B.A.F.) arasynda hyzmatdaşlyk Ylalaşygy hem-de «Thales Alenia Space» fransuz kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda ikinji aragatnaşyk hemrasyny üpjün etmek boýunça Çarçuwaly Ylalaşyk bar.
Mundan başga-da, duşuşykda şäher gurluşygy, durnukly ösüş we arheologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilim we akademiki hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny» tassyklamak bilen, Türkmenistanda bilelikdäki arheologik ekspedisiýany dowam etdirmek barada hem ylalaşdylar.