Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tehasdaky ýol-ulag hadysasynda 10 million şaýy pul ýola döküldi

09:3203.05.2025
0
26863

Amerikanyň Tehas ştatynda esasy ýollaryň birinde hereketi togtadan waka boldy diýip, «STV» teleýaýlymy habar berdi.

Ýol-ulag hadysasynda täze zikgelenen, 10 sent hümmedi bolan şaýy pullar ýola döküldi, olaryň umumy möçberi 800 müň dollara deňdir. Gymmatly ýüki ýygnamak üçin işgärler topary, ýörite tehnikalar we senagat tozan sorujylary peýdalanyldy. Köp şaýy pullary el bilen ýygnamaly boldy. Ýoly 14 sagat ýapdylar.

Waka sişenbe güni ir sagat 5:30 töweregi Alward şäheriniň golaýynda boldy. Ýük ulagynyň sürüjisi ýoldan çykdy, soňra ýene ýola dolanmakçy boldy. Öwrüm şowsuz tamanlandy — ulag gapdala agyp, şaýylyklar ýola döküldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň