Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezine BGG-niň Sebit okuw merkezi derejesi berler

18:3902.05.2025
0
22790

Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) ştab-kwartirasynda Ýewropa sebiti ýurtlarynyň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine BGG-niň Sebit okuw merkezi derejesini bermek baradaky teklip biragyzdan makullandy. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili Kerim Ahmedow çykyş edip, Okuw merkeziniň mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berdi. Ol merkezde döwrebaplaşdyrylan infrastruktura, tehniki mümkinçilikler, bilim maksatnamalary we sanly platformalaryň bardygyny görkezdi.

Türkmen wekiliýetiniň aýtmagyna görä, Okuw merkeziniň ösüşiniň strategik meýilnamasy BGG bilen ýakyn hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanyldy we Ýewropa sebitiniň kuwwatlylygyny ösdürmek boýunça sebitleýin edarasy (ROCB) tarapyndan resmi taýdan makullanyldy. Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdaky üstünliklerini görkezýän wideorolik hem hödürlenildi.

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow maslahatda çykyş edip, bu başlangyjy goldandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurduň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda durnukly we ygtybarly köpri hökmünde möhüm orna eýedigi bellenidi. Ilçi bu Sebit merkezinde taýýarlanylýan hünärmenleriň halkara söwda we logistika ulgamynyň ösmegine uly goşant goşjakdygyna ynandyrdy.

Sebit merkezi derejesiniň resmi taýdan berilmeginiň soňky tapgyry 2025-nji ýylyň iýun aýynda geçiriljek BGG-niň Geňeşiniň ýyllyk sessiýasynda BGG bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň