Türkmenistan 2025-nji ýylyň 13-nji apreli — 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisinde öz diwarlygyny tanyşdyrar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan «EXPO — 2025» sergisiniň resmi açylyş dabarasyndan bir gün soň, ýagny 2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Milli gününi bellejek ilkinji ýurtlaryň biri bolar. Bu çäre «EXPO-nyň» «Ray Garden» atly Milli günler zalynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.
«EXPO — 2025» Bütindünýä sergisine Türkmenistanyň Milli güni medeni we işewür çärelere baý bolar. Oňa Türkmenistanyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan hormatly myhmanlar gatnaşarlar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Bütindünýä sergisindäki diwarlygy 3 gatdan ybarat bolup, onuň arhitekturasy özboluşly many-mazmuna eýedir: binanyň üçburç görnüşli gurluşy öňe hereket etmegi, ýaşaýşyň dowamatlygyny we täzelenişi alamatlandyrýar. Diwarlygyň gümmez şekilli bölegi türkmen halkynyň däp-dessurlaryndan we milli gymmatlyklaryndan, şeýle-de haly nagyşlaryndan ylham alnyp döredildi, onuň daşky keşbi bolsa Garagum sährasynyň tebigy görnüşleri bilen sazlaşýar.
Diwarlygyň sergi meýdançasy üç gata bölünýär.
Birinji gat myhmanlary Türkmenistana täsirli, interaktiw syýahata alyp barýan giňişlik bolup, bu ýerde sferiki görnüşdäki ekranlaryň, ýagtylygyň we sesiň kömegi bilen ýurduň tebigy, taryhy we medeni baýlyklary bilen wirtual görnüşde tanyşmaga mümkinçilik döreýär.
Ikinji gat ýurduň dürli pudaklardaky, ýagny energetika, senagat, lukmançylyk, bilim we sport ugurlaryndaky gazananlaryny görkezmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde türkmen halk lukmançylygynda peýdsalanylýan dermanlyk ösümlikleriň toplumy aýratyn ünsüňi çekýär.
Üçünji gat bolsa ýurduň baý medeni mirasyny açyp görkezýän giňişlikdir: bu ýerde türkmen halylary, milli nagyşly keşdeler we muzeý gymmatlyklary goýlup, olarda türkmen halkynyň taryhy-medeni baýlygy şöhlelendirilýär. Şeýle-de bu giňişlikde milli aşhana hem bolup, onda tebigy önümlerden taýýarlanan türkmen tagamlary myhmanlara hödürlenilýär.
Umuman, «Ýaşaýyş üçin geljegi döredýäris» diýlen birleşdiriji mowzuk esasynda geçiriljek «EXPO — 2025» Bütindünýä sergisi türkmen halkynyň çuňňur taryhy kökleri, gadymy medeniýeti, şeýle-de baý tebigy we ykdysady mümkinçilikleri bilen dünýä ýüzüni tanyşdyrmakda örän ähmiýetli waka bolar.
Şeýle-de okaň: