Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti 3 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi

23:0005.04.2025
0
14097
Türkmenistanyň Prezidenti 3 aýyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde hasabatlar diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Hökümet mejlisinde wise-premýerler hem-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar –– mart aýlarynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileri, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, degişli ugurlar boýunça öňde boljak çäreler, olara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigi barada aýdyldy. Ýurtda iri desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary dowam edýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 7-nji aprelde ýurtda Bütindünýä saglyk gününiň giňden belleniljekdigini aýtdy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, sportuň möhüm ähmiýetini nygtady.

Hökümet mejlisine gatnaşyjylar Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna gutlaglaryny beýan etdiler.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň