Turkmenportal logo
04.04.25
5837858378
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdySurat: uza.uz

Şu gün Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.


Ozal habar berlişi ýaly, düýn iş saparynyň çäklerinde Samarkant şäherinde hormatly Prezident ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Bu barada TDH ýazýar.


Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Bu bolsa uzak möhletli gatnaşyklar üçin esas bolup hyzmat edýär.


Şunuň bilen baglylykda, alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigini bellemek gerek. Türkmenistan ÝB bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär.