Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» islendik dabara üçin süýjülikleri hödürleýär

10:1915.03.2025
0
18598

Meşhur «Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry müşderilerini islendik waka we dabara laýyk gelýän dürli görnüşli süýjülikleri bilen begendirýär. «Zyýat Hil» uly dabaralarda bolşy ýaly, ikiçäk duşuşyklaryň hem bezegine öwrüljek konditer önümlerini döretmeklige ýöriteleşendir.

«Zyýat Hiliň» hödürleýän önümleriniň hatarynda doglan günler üçin ýörite dizaýnly tortlar, furşetler we korporatiw çäreleri üçin ajaýyp süýjülikler, şeýle hem dostlaryň ýa-da maşgalaň bilen kiçi oturylyşyklar üçin amatly bolan näzik çizkeýkler we meşhur bento tortlary bardyr.

«Zyýat Hiliň» konditerleriniň ýaş çatynjalaryň islegleri esasynda uly üns bilen taýýarlaýan toý tortlary müşderileriň arasynda aýratyn meşhurdyr. Konditer dükanlary ýakynlaryňyza we kärdeşleriňize sowgat bermek üçin dürli süýjülikler bilen doldurylan ajaýyp süýjülik gutularyny hödürleýär.

Süýjülikleri zynjyryň dükanlarynyň islendiginde ýa-da telefon arkaly öýe eltip bermek hyzmaty bilen sargyt edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

«Zyýat Hil» müşderilerine 150 manatdan başlaýan bahalardan süýjülik sargyt edilende, Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmatynyň mugt amala aşyrylýandygyny ýatladýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň