Daşoguz welaýatynyň gök ekerançylary 2025-nji ýylda 110 müň tonna sogan hasylyny almagy maksat edinýärler. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň demirgazyk sebitiniň ýer eýeleri ilatyň gök önümler bilen ýeterlik üpjün edilmegi babatda öňde goýulýan wezipelerden ugur alyp, şu ýyl bol hasyly ýetişdirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaga aýratyn üns berýärler. Şeýlelikde, olar häzirki döwürde jemi 4 müň 400 gektar meýdana sogan ekmegi meýilleşdirmek bilen, bu ugurdaky işleri ýokary işjeňlikde alyp barýarlar.
«Welaýatyň gök ekerançylarynyň sogan ekişini ýokary depginde alyp barmaklary şu ýyl meýilnama boýunça 110 müň tonna soganyň ýygnalyp alynmagynyň esasy şertidir» diýlip, habarda bellenilýär.