Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TDU-da Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

13:1313.03.2025
0
4380
TDU-da Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi
Surat: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Ozal habar berşimiz ýaly, 9 — 12-nji mart aralygynda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana iş saparyny amala aşyrýar. Iş saparynyň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylary tarapyndan ylym-bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmek üçin döredilýän mümkinçilikleri kanagatlanma bilen bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň