Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanow, başga işe geçmegi sebäpli, bu wezipeden boşadyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Permana gol çekdi.
Döwlet Baştutanynyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Myrat Nazarowyň üstüne ýüklenildi.