Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatimany kabul etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşykda myhman Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen oňyn bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini belledi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Rabab Fatimany BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy bilen gutlady. Döwlet Baştutany BMG-niň 80 ýyllyk taryhynyň dowamynda özüniň binýadynda goýlan beýik maksatlaryna hem-de wezipelerine gyşarnyksyz eýerýändigini iş ýüzünde subut edendigini belläp, onuň dünýäde ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmäge mundan beýläk-de saldamly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Duşuşykda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda şu ýyl BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatyny ýokary derejede geçirmek üçin alnyp barylýan guramaçylyk we taýýarlyk işleri barada pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Rabab Fatima berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.