Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Indoneziýada 105 krokodil fermadan gaçdy

16:2512.02.2025
0
18574
Indoneziýada 105 krokodil fermadan gaçdy
Surat: regnum.ru

Indoneziýada 105 krokodil gaçandan soňra olaryň ýetişdirilýän fermasyny ýapmagy talap etdiler diýip, «The Jakarta Post» neşiri habar berdi.

Waka ýurduň Batam ülkesiniň Bulan adasynda boldy. Ýanwarda güýçli çabgalardan soň süýrenijileriň ýetişdirilýän fermasynyň çägindäki çemenzarlygyň haýaty ýykyldy. Netijede, 105 sany krokodil gaçdy. Bu ýerli häkimiýetlerde we adanyň ýaşaýjylarynda nägilelik döretdi.

Üç aýdan soňra goňşy adalarda döwlet gulluklarynyň gözlegi bilen 38 krokodili tapmak başartdy, ýene 3 krokodil heläk bolupdyr. Galan 66 süýrenijini hem tapyp, eýesine gowşurdylar. Fermanyň eýesi azatlykda diňe bir krokodiliň galandygyny aýtsa-da, häkimiýetler fermany ýapmakçy bolýarlar. Olar gaçgak krokodilleriň hakyky sanynyň kän bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Eger krokodiller adamlara hüjüm edäýseler, munuň üçin fermanyň eýeleri kanun taýdan jogapkärçilik çekmeli bolarlar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň