Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» türkmen telekeçilerine 2025-nji ýylda halkara iş saparlaryny meýilleşdirmegi teklip edýär

14:1904.02.2025
0
23096

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasy Türkmenistanyň işewürlik pudagynyň wekillerini 2025-nji ýylda geçiriljek halkara sergilere, maslahatlara we beýleki işewürlik çärelerine gatnaşmagyň meýilnamasyny düzmegi teklip edýär. Kompaniýanyň hünärmenleri halkara bazarlaryna çykmagy maksat edinýän telekeçiler üçin daşary ýurtlara işewürlik saparlaryny guramakda hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr.

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» hyzmatlaryň doly toplumyny hödürleýär, şol sanda:

Sergileri we maslahatlary saýlamak: Kompaniýanyň bilermenleri kompaniýanyňyzyň iş ugruna we maksatlaryna laýyk gelýän çäreleri kesgitlemäge kömek ederler.

Hasaba alyş we bronlamak. Hünärmenler çärelere gatnaşmak üçin hasaba alynmak, diwarlyklary, myhmanhanalary we awiapetekleri bronlamak bilen baglanyşykly ähli guramaçylyk meselelerine öz üstlerine alarlar.

Logistika we goldaw. Kompaniýa eksponatlary eltip berer, ulag üpjünçiligini gurar we çäräniň dowanynda gatnaşyjylara ýoldaşlyk eder.

«Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasynyň işgärleriniň tejribesi we ussatlygy netijesinde, türkmen telekeçileri ünslerini önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemäge jemläp bilerler, ähli guramaçylyk meseleleri bolsa iň ýokary derejede çözüler.

Hyzmatlar barada has anyk maglumat almak üçin gyzyklanma bildirýän kompaniýalar Mary şäheriniň Bagtyýarlyk köçesiniň 52A jaýy – «Ojar Aziýa» binasynyň birinji gatynda ýerleşýän «Dünýä Ulag Hyzmatlary» kompaniýasynyň ofisine ýüz tutup bilerler.

Şeýle hem şu telefonlara jaň edip maslahat alyp bilersiňiz: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň