Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Waşingtonyň Reýgan adyndaky Milli howa menzilinde uçar heläkçiligi boldy

20:3330.01.2025
0
42439

ABŞ-nyň Waşington şäheriniň Reýgan adyndaky Milli howa menziliniň golaýynda «Bombardier CRJ700» kysymly ýolagçy uçary bilen ýurduň harby güýçlerine degişli bolan «Black Hawk» dikuçary çaknyşdy diýip, CNN teleýaýlymyna salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.

Ýurduň habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, «American Airlines» awiakompaniýasynyň Kanzas ştatyndan paýtagta uçan 64 ýolagçyly uçary 90 metr beýiklikde harby dikuçar bilen çaknyşandan soňra üç bölege bölünip, Potomak derýasyna gaçdy.

Wideogözegçilik kamerasy tarapyndan surata alnyp, internetde ýerleşdirilen wideoda dikuçar bilen ýolagçy uçarynyň çaknyşygy netijesinde dörän partlama görünýär. ABŞ-nyň gury ýer goşunlaryna degişli bolan dikuçarda üç harby gullukçynyň bolandygy habar berilýär.

«Associated Press» habarlar gullugy howa menziliniň dispetçerleri heläkçilikden ýarym minut öň dikuçaryň uçarmanlaryna howada uçaryň golaýlap gelýändigini duýdurypdyr, emma hiç hili jogap almandyr diýip, habar berdi.

Reýgan adyndaky howa menziliň uçarmanlar üçin iň çylşyrymly howa menzilleriň biridigini ýerli hünärmen Dewis Susi aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. «Bu howa menzilinde harby uçarlar hem, işewürlik uçarlary-da bar. Uçuşlara çäklendirmeler hem bar, ýagny uçarlardan tiz gonmagy, tiz uçmagy talap edýärler» diýip, hünärmen nygtady. Onuň sözlerine görä, howa menzili Pentagonyň we Potomak derýasynyň arasynda ýerleşmek bilen, onuň howa giňişligi örän çäklidir.

Ýurduň Raýat awiasiýasy federal edarasy we Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi heläkçiligiň sebäplerini derňeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň