Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminde täze döwrebap edara binasy açylyp ulanylmaga berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy resmi saýtynda 2025-nji ýylyň 1-nji fewralyndan başlap, Halaç etrabynyň ýaşaýjylary Türkmenistanyň raýatynyň biometriki maglumatly pasportyny almak üçin gullugyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölümine ýüz tutmalydygyny habar berýär.
Salgysy: Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň Körbaşy köçesiniň 11-nji jaýy
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 800444 2-05-16