«Ak Gaýa» dükanynda gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerinden başga-da, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň döwrebap hojalyk tehnikalary müşderiler üçin elýeterlidir.
Dükanda iri hojalyk tehnikalarynyň doly toplumyny hödürlenýär: sowadyjylar, kir ýuwujy maşynlar, suw gyzdyryjylar, split ulgamlar, howany arassalaýjy enjamlar, doňduryjylar we telewizorlar. Şeýle hem alyjylar ownuk hojalyk tehnikalaryny – tozan sorujylary, mikrotolkunly peçleri, elektrik çäýneklerini we öý üçin beýleki köp sanly enjamlary saýlap bilerler.
Hödürlenýän tehnikalaryň ählisi ýokary hili we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Her önüm öndürijiniň kepilligi bilen gelýär. Müşderilere amatlylyk üçin satyn alnan enjamlary eltip bermek we gurnamak hyzmaty hereket edýär.
«Ak Gaýada» tölegi möhletlere bölüp tölemek teklibiniň bardygyny ýatladýarys. Indi her bir müşderi öňünden töleg geçirmezden 60000 manada çenli haryt satyn alyp biler.
«Ak Gaýa» abatlaýyş, gurluşyk, abadanlaşdyryş we bezeg işleri üçin müňlerçe önüm hödürleýän köpugurly söwda merkezi bolmagynda galýar. «Ähli zat bir ýerde» konsepsiýasy müşderilere öý üçin zerur harytlary saýlanynda wagty we güýji tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.
- telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
- sosial ulgamdaky sahypasy.
Şeýle-de okaň:
- «Ak Gaýa» ussalar üçin hünär gurallarynyň giň assortimentini hödürleýär
- «Ak Gaýa» dükany gurluşyk materiallaryny garaşaryna hödürleýär
Fotoreportaž: Ak Gaýa dükany: amatly bahalardan gurluşyk harytlary