Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ak Gaýa Gurluşyk»: gurluşyk we abatlaýyş üçin dürli görnüşli boýaglar hem-de reňkleýiş esbaplary

11:5821.12.2024
0
14120

«Ak Gaýa Gurluşyk» türkmen kompaniýasy professional we hususy sarp edijiler üçin dürli görnüşli lak-boýag serişdelerini we reňkleýiş esbaplaryny hödürleýär. Kompaniýa dürli ýüzler üçin dürli önümleri öz içine alýan «Kent», «Leon» we «Kontinental» brendleri astynda boýaglary öndürýär.

Öndürijiniň hödürleýän önümleriniň hatarynda diwarlar üçin interýer boýaglary, fasad örtükleri, potoloklar üçin boýaglar, suw-dispersiýa garyndylary, timarlamak üçin faktura birleşmeleri, beton ýüzler üçin ýöriteleşdirilen boýaglar we poslama garşy sintetiki materiallar bar.

Önümler beton, kerpiç we suwalan ýüzleri boýamak üçin niýetlenendir. Boýaglar 3,5-dan 20 kilograma çenli dürli gaplarda öndürilýär, bu bolsa olary hem professional ulanyş üçin, hem öýde peýdalanmak üçin amatly edýär. Ýörite artykmaçlyk – islendik interýer ýa-da eksterýer üçin iň amatly reňk öwüşginini saýlamaga mümkinçilik berýän giň reňk görnüşleriniň bolmagydyr.

«Ak Gaýa Gurluşyk» boýaglardan başga-da, ýokary hilli reňkleýiş esbaplaryny – dürli ululykdaky we görnüşdäki çotgalary hem-de walikleri öndürýär. Ähli gurallar ýokary hilli materiallardan taýýarlanýar, şeýle hem çydamlylygy hem-de ulanmakda amatlylygy bilen tapawutlanýar.

«Ak Gaýa Gurluşyk» kompaniýasynyň ähli önümlerini şu salgyda satyn alyp bilersiňiz: Aşgabat, G.Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 40-njy jaý, «Ak Gaýa» binasy.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň