Gökdepe metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda hajy Arkadagyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna sadaka berildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular gatnaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, awtoulagda Gökdepe metjidiniň öňündäki meýdança gelenlerinde, hajy Arkadagy we Arkadagly hajy Serdary sadaka gatnaşyjylar mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde berilýän sadakanyň kabul bolmagyny dileg edip, Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde metjide bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi mukaddes Gurhandan aýat-doga okady. Onda hajy Arkadagyň zyýaratynyň kabul bolmagy, öten-geçenleriň jaýlarynyň jennet, ruhlarynyň şat bolmagy dileg edildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti sadaka gatnaşmak üçin metjidiň sadaka jaýyna bardylar. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşýanlara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan bäri Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletinde örän köp işleriň edilendigini, ýurduň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmek babatda öňe sürýän başlangyçlary esasynda ýurduň uly ösüşlere eýe bolandygyny belledi.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykandan soňra, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soňra, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Onda täze belentliklere tarap bedew bady bilen ynamly gadam urýan ýurduň her bir gününiň ösüşlere beslenmegi, halkyň abadan durmuşynyň dowamata atarylmagy, hajy Arkadagyň, Arkadagly hajy Serdaryň asylly işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere, şol sanda sadaka gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara sagbolsun aýtdy. “Öten-geçenlerimizi ýatlap, halkymyzyň hemişe abadan durmuşda ýaşamagyny arzuwlap edilen doga-dilegler, okalan aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz mundan beýläk hem gülläp össün!” diýip, hajy Arkadag sözüni jemledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti berlen sadakalaryň kabul bolmagyny dileg edip, hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
Hajy Arkadagyň mukaddes Käbä eden zyýaratynyň hormatyna berlen sadaka gatnaşyjylar Gökdepe metjidinde agzybirlikde öýle namazyny okadylar.