Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir degişli Permany esasynda, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlar bilen sylaglanyldy. Binali Ýyldyryma bu ýokary sylag Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary üçin, medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen hem-de türk halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandy nazara alnyp, şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli berildi.