Türkmenistanyň ulag toplumynda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalar umumy bahasy 953,2 million amerikan dollaryna deň bolan maýa goýumlar çekildi. Şonuň 77,5 göterimi özleşdirildi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Saburowyň Aşgabatda geçirilen «ITTC 2024» halkara maslahatynda eden çykyşyna salgylanyp, NCA portaly habar berýär.
«Türkmenistanyň Hökümetiniň maýa goýum taslamalary netijesinde häzirki wagtda ýurduň ulag toplumynyň kärhanalaryna döwlet kepillikleri boýunça umumy bahasy 3 milliard 647,4 million amerikan dollary möçberinde karz berildi» diýip, D.Saburow belleýär.
Bellenilişi ýaly, Hökümet kepillikleri boýunça berlen karzlardan başga-da, ýurduň ulag toplumynda bolan dürli çylşyrymly ulag taslamalaryny amala aşyrmak üçin umumy bahasy 4 milliard 639,1 million amerikan dollara barabar göni maýa goýumlary çekildi.