Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bloomberg»: Hytaýda dünýäniň meşhur brendlerini ýerli arzan harytlar gysyp çykarýar

17:5228.10.2024
0
7991
«Bloomberg»: Hytaýda dünýäniň meşhur brendlerini ýerli arzan harytlar gysyp çykarýar
Surat: finance.mail.ru

Iri halkara brendler Hytaýda ýurduň ilatynyň ýerli önümçilikçileriň has arzan önümleri sebäpli, satuwlarynyň pese gaçýandygyny hasaba alýarlar diýip, «Bloomberg» habarlar gullugy habar berdi.

Habarda «Loreal» kompaniýasynyň satuwlarynyň Demirgazyk Aziýada, şol sanda Hytaýda 2024-nji ýylyň 3-nji çärýeginde 6,5 göterim azalandygy bellenýär. Kompaniýanyň baş direktory Nikolýa Iýeronimýus sebitde satuwlaryň pese gaçmagyny «müşderileriň göwnüçökgünligi» hökmünde häsiýetlendirdi. Habarlar gullugy bolda, HHR-iň ýaşaýjylarynyň barha tygşytly bolýandyklaryny hem-de şonuň üçin ýerli brendleri günbatar önümçilikçilerden ileri tutýandygyny belleýär.

Şol bir wagtda Hytaýdaky «Proya Cosmetics Co.» ýüz idegi önümlerini öndüriji üç aýda satuwlarynyň 21 göterim ýokarlanandygyny habar berdi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň satuwlarynyň pese gaçmagy egin-eşik, garbanyşhana we kaşaňlyklar pudaklarynda-da hasaba alyndy. Hytaýyň «Luckin Coffee» we «Cotti Coffee» zynjyrlary HHR-iň bazaryndaky paýyny barha elden giderýän «Starbucks» kofehanalaryndan ozdurmagy başardylar.

Hytaýly sarp edijileriň ýerli arzan önümleri saýlamagynyň hasabyna «Nike» we «Uniqlo» egin-eşik önümçilikleri hem ýitgä uçraýarlar.

Bazary seljeriji Ernan Suý hytaýly sarp edijileriň barha nyrhlara üns berýändiklerini hem-de has arzan harytlary gözleýändiklerini aýtdy diýip, «finance.mail.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň