Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BRICS sammitiniň çärelerine gatnaşmak üçin, sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherine bardy. «Tatar-inform» habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Kazanyň Halkara howa menzilinde Tatarstanyň Raisi Rustam Minnihanow garşy aldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça sammitiň «BRICS + » formatyna gatnaşar.