Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar

16:1922.10.2024
0
10505

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň