Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi

12:2021.10.2024
0
1371
Nýu-Delidäki Ýamuna derýasyny zäherli köpürjik örtdi
Surat: report.az

Hindistanyň paýtagty Nýu-Delini kesip geçýän keramatly Ýamuna derýasynyň suwunyň ýüzi adamlaryň saglygy üçin howply bolan galyň zäherli köpürjik bilen örtüldi diýip, hünärmenlere salgylanýan «Press Trust of India» (PTI) gullugy habar berdi.

Hindistanyň paýtagtyny dolandyryjy Ýönekeý adamyň partiýasy şäheriň häkimliginiň ýagdaýa gözegçilik edýändigini mälim etdi.

Daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenleriň sözlerine görä, köpürjigiň düzüminde ammiagyň we fosfatyň ýokary derejesi saklanyp, adamyň saglygy, aýratyn hem dem alyş ulgamy hem-de derisi üçin örän howpludyr.

Ýamuna derýasy Gang derýasynyň iri şahalarynyň biridir. Onda şeýle zäherli köpürjik hali-şindi hasaba alynýar diýip, «Report» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň