3-nji oktýabrda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň ulag ulgamynyň ýokary wezipleri wekilleriniň gatnaşmagynda «Lapis — Lazuli» («Lazurit») ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda «Lapis — Lazuli» ulag geçelgesiniň ugrundaky ýurtlarda bu taslama arkaly söwdany ýeňilleşdirmek, medeni gatnaşyklary berkitmek we sebitdäki ykdysady ösüşi goldamak üçin ajaýyp mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar infrastruktura gönükdirilen maýa goýumlary, ýol we demirýol ulaglaryndaky nyrhlar hem-de gümrük tejribesi, şeýle-de administratiw meseleler we howpsuzlyk çäreleri barada pikir alyşdylar.
Ministrler derejesindäki duşuşygyň esasy maksady bu ulag geçelgesiniň transport we logistika prosesiniň her tapgyrynda döräp biljek bökdençlikleri we töwekgelçilikleri aradan aýyrmagyň giňişleýin meýilnamasyny düzmekden boldy. Şunuň bilen baglylykda, tehniki derejedäki ýygnaklary ýylda azyndan iki gezek geçirmek we gazanylan üstünliklere hem-de toplanan tejribä baha bermek üçin ministrleriň derejesinde ýylda bir gezek duşuşyk guramak kararyna gelindi. «Lapis — Lazuli» ulag geçelgesi boýunça indiki ministrler duşuşygy Türkmenistanda geçiriler.