Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşary ýurt ýolbaşçylary Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlaýarlar

07:1122.09.2024
0
9564

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli daşary ýurt ýolbaşçylaryndan köp sanly gutlaglar gelýär. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew iberen gutlagynda Türkmenistanyň Baştutanyna berk jan saglyk, bagt we türkmen halkynyň abadançylygy ugrundaky işlerinde üstünlik arzuw etdi we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdi.

Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýollan gutlagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesinde öňde goýlan ähli maksatnamalaryň we meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyny, bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw edýär.

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýandan gelen gutlag hatynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, türkmen halkynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen jogapkärli işinde täze üstünlikler arzuw edilýär. Şeýle-de ol Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň iki ýurduň halklarynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirýär.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gutlap, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw edýär.

"Rus-türkmen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga berýän yzygiderli ünsüňizi aýratyn bellemek isleýärin. Ýokary derejede kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek maksady bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygy okgunly ösdürilýär. Energetika, senagat, innowasiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär, sebitara we işewürlik gatnaşyklary giňeldilýär. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, dürli ulgamlarda täze özara bähbitli başlangyçlaryň ilerledilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýaryn" diýip, Mihail Mişustin gutlagynda belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkodan, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkinden, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýewden hem-de Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Taniden gutlag hatlary geldi.

Gutlaglary iberenleriň hemmesi Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistany ösdürmekdäki uly tagallalaryny bellediler we mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdiler. Bu barada TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň