Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

TIF — 2024 maýa goýum forumy 10-11-nji sentýabra süýşürildi

14:4218.08.2024
0
19237

Döwlet derejesindäki çäreleriň tertibindäki üýtgeşmeler sebäpli «Türkmenistanyň maýa goýum forumy» (TIF — 2024) senesi 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabryna süýşürildi. «Turkmenportala» bu barada TIF-2024-iň guramaçylyk komiteti tarapyndan habar berildi.

Ozal Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň bilelikde guraýan bu forumyna 20 ýurtdan 100-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmak üçin hasaba alynandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma forumyň halkara metbugatynda giňişleýin beýan edilmegi bilen hem tassyklanylýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň «Al Khaleej», «Dubai News», «Al-Madar Magazine» ýaly öňdebaryjy neşirleri bu forum barada birnäçe makalalary çap etdi. Mundan başga-da, abraýly maliýe neşiri bolan «The Investor» forumy ýylyň esasy wakalar senenamasyna goşdy. Bu bolsa dünýäniň maýa goýum jemgyýetiniň foruma ýokary derejede gyzyklanýandygyny görkezýär.

Foruma halkara maliýe guramalarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky) wekilleriniň, energiýa, infrastruktura we maliýe ulgamy boýunça hünärmenleriň, şeýle hem başga-da birnäçe abraýly halkara guramalaryň hünärmenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Forumyň täzelenen maksatnamasyny tif-turkmenistan.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň