Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Diňleýjiler «Owazdan sowal» bäsleşigi arkaly okuwa girmäge hukuk gazanyp bilerler

11:1013.08.2024
0
7767

Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň «Owaz» radioýaýlymy 2024-nji ýylyň awgust aýynyň dowamynda her çarşenbe güni sagat 13:00-daky habarlardan soň «Owazdan sowal» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.

«Owaz» radioýaýlymynda ýaýlym arkaly diňleýjilere dürli ugurlar boýunça sowallar berlip, her sowala dogry jogap beren diňleýjileriň ählisi Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Hünär tehniki okuw mekdebiniň 1,5 ýyllyk okuwynda öz saýlan islendik hünärinde okamaga hukuk gazanar. Okuwy tamamlan her bir talyba döwlet nusgasynda diplom berilýär.

Bäsleşige islendik adam islendik ýerden ýaýlymda aýdyljak gysga belgä öz jogaplaryny ýollap, gatnaşyp bilerler.

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň guramagynda «Iň gowy radiogepleşik» bäsleşigini yglan edildi. Bu bäsleşigiň sanawynda «Owazdan sowal» sowal-jogaply gepleşik hem bar. Eger-de bu gepleşige ses berip goldamak isleseňiz, 0530 gysga belgä 24 san belgini SMS arkaly ýollap ses berip bilersiňiz.

Ses bermegiň netijelerini turkmentv.gov.tm saýtyndan yzarlap bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň