Top.Mail.Ru

«Belli tilsimat» 1С önümleri boýunça geçirilýän seminara çagyrýar

12:2512.08.2024
0
8886

Işewürlik üçin programma üpjünçiliginiň çözgütleri boýunça ýöriteleşen «Belli tilsimat» kompaniýasy 1C önümlerine bagyşlanan seminaryň geçirilýändigini yglan etdi.

Bu ýerde size nämeler garaşýar:

- programmalaryň işleýşine syn. 1C programmalarynyň mümkinçilikleriniň anyk derňewi: Buhgalteriýa we 1C: UNF.

- amaly görkezme tanyşdyryşlary. 1-Z, 5-Z, 6-Z, 1-paý, 1-BO, 1-B hasabatlaryny taýýarlamagyň, balans formalaryny hem-de girdeji salgyt deklarasiýalaryny doldurmagyň nähili aňsatdygyna göz ýetirersiňiz.

- soraglara jogap. «Belli tilsimat» kompaniýasynyň hünärmenleri siziň ähli soraglaryňyza jogap bererler we işewürligiňiz üçin iň amatly çözgüdi saýlap almaga ýardam eder.

- baýrakly bäsleşik. Seminara gatnaşyjylaryň ählisine 1C: Prof. görnüşli buhgalterçilik üçin ygtyýarnama almaga mümkinçilik bolar.

Bu çäre 16-njy awgustda sagat 15:00-dan 17:00-a çenli «Joşgun» söwda merkeziniň 4-nji gatynda ýerleşýän «Ynamly Kepil» koworking merkezinde geçiriler.

«Belli tilsimat» ýerleriň sanynyň çäklidigini bellemek bilen, seminara gatnaşmak üçin deslapdan salgylanma arkaly hasaba alynmagy maslahat berýär. Goşmaça maglumatlary (+993 12) 21-60-93 telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz.

Bu seminar telekeçiler we buhgalterler üçin iş amallaryny işjeňleşdirmek üçin iň soňky 1C çözgütleri bilen tanyşmakda ajaýyp şert döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň