Top.Mail.Ru

Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy

11:0012.08.2024
0
5370

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 13 million 312 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny, arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň