Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň iň baý maşgalasynyň näçe pulunyň bardygy belli boldy

13:0010.08.2024
0
10894
Hindistanyň iň baý maşgalasynyň näçe pulunyň bardygy belli boldy
Surat: gazeta.ru

Hindi milliarderi Mukeş Ambaniniň maşgalasynyň emlägi ýurduň Jemi içerki önüminiň tas 10 göterimine golaýlady. Bu barada «Barclays-Hurun India» bankynyň hasabatyna salgylanýan «Hindustan Times» neşiri habar berdi.

20-nji martdaky ýagdaýa görä, Ambanileriň baýlygy 25,7 trln rupiýa ýa-da 385,5 mlrd dollara ýetdi. Ambaniniň «Reliance Industries» işewürlik senagaty ýurtda iň iri telekeçilik bolmagynda galýar, ol energetika, telekommunikasiýalar we bölek söwda toplumyny gurşap aldy.

Hindistanyň iň baý maşgalalarynyň sanawyndaky ikinji orunda milliarder Niraja Bajajanyň maşgalasy ýerleşip, baýlygy 7,13 trln rupiýa deňdir. Ilkinji üçlügi 5,39 trln rupiýalyk emläk bilen Kumar Birliniň maşgalasy jemledi.

Hindistanyň bu üç maşgalasynyň aktiwleriniň jemi 460 mlrd dollar bahalanýar we Singapuryň Jemi içerki önümine deňdir diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň