Top.Mail.Ru

Aşgabatda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň jemleýji tapgyry alnyp barylýar

15:2609.08.2024
0
9138

Şu günler Aşgabat şäherinde AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwynyň jemleýji, 7-8-nji modullary dowam edýär. Jemleýji modullary 29-njy iýulda badalgasyny alan tälimçilik okuwynyň dowamynda gatnaşyjylar adatdakylary ýaly nazaryýet hem-de tejribe sapaklaryny geçdiler. Häzirki wagtda bolsa geçilen sapaklar bilen bagly tejribe synaglary dowam edýär. 14-nji awgusta çenli dowam etjek tejribe synaglary üstünlikli tabşyran hünärmenlerimize golaý geljekde AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik ygtyýarnamasy gowşurylar.

Tälimçilik okuwynyň nazaryýet sapaklarynyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda, tejribe sapaklarynyň bolsa “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilendigini ýatladýarys. Tälimçilik okuwynyň ilkinji alty modullarynyň geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýylyň başyna geçirilendigini bellemek gerek.

Tälimçilik kursy UEFA-nyň gözükdirijisi, moldowaly Genadiý Skurtulyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Okuw kursunyň jemleýji tapgyrlaryna gözegçi hökmünde AFK-nyň tälimçilik okuwynyň Tehniki bölüminiň ýolbaşçysy Wilhelmus Kowermars (Niderlanlar Patyşalygy) hem-de bu bölümiň gözükdirijisiniň maslahatçysynyň wezipesini ýerine ýetirýän özbegistanly hünärmen Usmon Toşew gatnaşdylar.

1988-nji ýylda Niderlandlaryň futbol ýygyndysy bilen Ýewropa çempiony bolan W.Kowermans bu barada beren beýanatynda geçirilen okuwyň netijesinden örän hoşaldygyny, onuň golaý geljekde türkmen futbolunyň ýokary derejelere çykmagyna oňyn şert döretjekdigini ynam bilen belläp geçdi.

Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwyny 2023-nji ýylyň 21-nji awgusty bilen 2024-nji ýylyň 14-nji awgusty aralygynda geçirilýändigini bellemek gerek. Dört tapgyrda geçirilen tälimçilik okuwy 8 moduldan ybarat boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň