Şweýsariýa 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň ýokary zähmet hakly ýurtlaryň sanawynyň başyny çekdi. Bu barada «Ceoworld» žurnalynda çap edilen hasabatda aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Geçen ýyl şweýsarlar salgytlar we beýleki paçlar hasaba alynmazdan, ortaça 8111 dollar aýlyk hak aldylar. Ikinji orunda Lýuksemburg ýerleşdi, ýurtda ortaça aýlyk 6633 dollara deň boldy. Üçlügi 6455 dollar hak bilen ABŞ jemledi.
Iň köp aýlyk hakly ýurtlaryň ilkinji onlugyna şeýle-de Islandiýa (6441$), Norwegiýa (5665$), Daniýa (5642$), Kanada (5081$), Grenlandiýa (4665$), Irlandiýa (4622$) we Niderlandlar (4581$) girdi.