Hindistandan ilkinji konteýner otlusy Türkmenistanyň üsti bilen Özbegistana üstünlikli geçirildi

14:3101.08.2024
0
6865

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» AGPJ (TULM) ilkinji konteýner otlusynyň Hindistandan Özbegistana iberilmegini üstünlikli gurady. Keramiki plitalar bolan 20 TEU konteýnerinden ybarat otlynyň birinji tapgyry Bender-Abbas portundan Sarahs ugry boýunça Çukursaý (Özbegistan) demir ýol menziline üstünlikli iberildi.

Bu 2023-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Stambul şäherinde «Türkmendemirýollary» agentligi bilen «O'zbekiston Temir Yo'llari» hojalyk jemgyýetiniň arasynda gazanylan ylalaşyk esasynda amala aşyryldy. Şol duşuşykda taraplar konteýner otlularynyň Türkmenistanyň üstünden Özbegistanyň çägine we yzyna geçmegini tizleşdirmegi, şeýle hem konteýnerleriň taraplaryň çäginden daşamak üçin ýörite nyrhlaryny girizmegi ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan ondan aňryk üçünji ýurda» geçelgesi boýunça ýük daşamalaryny guramak üçin her ýurtda jogapkär logistika kompaniýalaryny bellemek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň