Top.Mail.Ru

Wenada geçirilen Bütindünýä orkestr festiwalynda türkmen sazandalary «Altyn baýraga» mynasyp boldular

04:4631.07.2024
0
11267

25 — 28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Oňa Türkmenistanyň sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri hem gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan Bütindünýä orkestr festiwaly her ýyl uly şatlyk-şagalaň bilen geçirilip, ol dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalary we orkestrleri bir ýere jemleýär. Degişli guramaçylyk toparynyň çakylygy boýunça türkmen sazandalary şu ýyl 10-njy sapar geçirilýän bu festiwala ilkinji gezek gatnaşdylar. Türkmenistan bilen bir hatarda, festiwala Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly ýurtlardan jemi 17 orkestr gatnaşdy.

Ýurduň ýaşlar kamera orkestri dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Wena şäheriniň naýbaşy konsert zallarynyň sahnalarynda daşary ýurt nusgawy eserlerini ussatlarça ýerine ýetirip hem-de türkmen dutarynda täsirli çykyş etdiler.

Medeni çäräniň barşynda dünýäde iň uly we abraýly Wena konserwatoriýasynda bu festiwalyň döredijilik komitetiniň prezidenti, britan dirižýory, professor Tobi Pýorser türkmen sazandalary bilen ussatlyk sapagyny geçdi.

Habarda bellenilişi ýaly, festiwalyň çäklerinde orkestrleriň arasynda guralan bäsleşik hem örän çekeleşikli geçdi. Eminler toparynyň düzümindäki tanymal dirižýorlar, saz sungatynyň görnükli wekilleri Türkmenistanyň ýaşlar kamera orkestriniň çykyşyna ýokary baha berdiler.

Bütindünýä orkestr festiwalynyň ýapylyş dabarasy «Altyn zal» ady bilen tanalýan, dünýäniň iň meşhur konsert zallarynyň biri bolan Wena filarmoniýasynda («Muzikferaýn») geçirildi.

Emin agzalarynyň biragyzdan iň ýokary, ýagny 40 bal bermegi bilen, türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça «Altyn baýraga» mynasyp boldular.

Festiwalyň döredijilik komitetiniň prezidenti, britan dirižýory, professor Tobi Pýorser türkmen sazandalarynyň çykyşyna ýokary baha berip, bu orkestr bilen bilelikde konsertleri guramagy, mümkinçilik dörän halatynda, Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýändigini hem-de indiki ýylda geçiriljek Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çakylyk iberiljekdigini nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň