Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly erkin göreşçi ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp boldy

18:0123.07.2024
0
20185

Erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen Alp Arslan begenjow Taýlandyň Si-Raça şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda altyn medala mynasyp boldy.

Ýaryş düşekçesine 79 kilograma çenli agram derejesinde çykan türkmen pälwany bu üstünligini dünýäniň dürli döwletlerine wekilçilik edýän 11 sany agramdaşynyň arasynda gazandy.

Hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykan Alp Arslan saýlama tutluşykda ýaponiýaly Şunsuke Mizusakini 12:2, çärýekfinalda gyrgyzystanly Ramazan Iskenderowy 10:0 hasabynda ýeňip, ýarymfinala çykmaga hukuk gazandy. Ýaryşyň bu tapgyrynda ol gazagystanly pälwan Ýerhan Beksultanowy hem 6:0 hasabynda ýeňdi. Ezber ildeşimiz altyn medal ugrundaky final tutluşygynda eýranly türgen Majid Bageri Heýrabaddan 10:0 hasabynda üstün çykdy.

Şu agram derejäniň bürünç medallaryna hindistanly Amitu Amitu bilen gazagystanly Ýerhan Beksultanow mynasyp boldy.

Bu ýeňiş Alp Arslan Begenjowyň iýul aýynyň dowamynda gazanan ikinji halkara üstünligidir. Ol şu aýda Amman şäherinde geçirilen 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda hem bürünç medal eýeläpdi.

Alp Arslan 18 ýaşyny 8-nji awgustda doldurar. Heniz juda ýaşdygyna garamazdan, ol birnäçe halkara ýaryşlaryň ýeňijisidir. 2022-nji we 2023-nji ýyllarda 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Rumyniýada geçirilen «Constantin Alexandru & Ioan W. Popovici» atly halkara derejeli ýaryşyň altyn medallaryna iki gezek mynasyp bolan ezber erkin göreşçi mundan iki ýyl ozal 65 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda hem Aziýanyň çempiony bolmagy başarypdy. Geçen ýyl bolsa ol şol ýaryşa 71 kilograma çenli agram derejesinde gatnaşyp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň