Turkmenportal logo
18.07.24
88658865
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly türgenler stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Gazagystanda geçiriljek ýaryşda çykyş ederler
Türkmenistanly türgenler stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Gazagystanda geçiriljek ýaryşda çykyş ederler

27-nji iýuldan 30-njy iýula çenli aralykda Gazagystanyň Almaty şäherinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýetginjekleriň halkara ýaryşy geçiriler. Oňa Türkmenistandan dört türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.


Has takygy, bu halkara ýaryşda Dörtguly Allanazarow bilen Mukam Artykow 11 ýaşa, Ylýas Allanazarow 17 ýaşa, Atahan Pygyýew bolsa 13 ýaşa çenli türgenleriň arasynda ýaryşar.


Häzirki wagtda sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler we çagalar ýygyndysynyň Hytaý Halk Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýändigini ýatladýarys.